Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aral deňzinden reportaž


Köne gämi
Köne gämi

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyradyň täze goşgusy

Poslap giden, çüýräp giden gämiler
Agyp ýatyr, çägä sokup burnuny.
Ýel ugruna galgap ýören peşmekler
Eýeläpdir tolkunlaryň ornuny.

Suwsuz galyp, honda ýatan kenarda
Onlarça ýyl bäri gök ot bitenok.
Ne gazakdan, ne türkmenden, özbekden
Ýitip barýan deňze haraý ýetenok.

Eýtmeli, beýtmeli, şeýtmeli diýip,
Mahal-mahal maslahatlar geçilýä.
Ýatdan çykan süýji suwuň tagamy,
Zäher ýaly duzly suwdan içilýä.

Hassa çagalaryň nur ýok ýüzünde,
Ene-atalaryň gözünde gorky...
Kenar ýakasynyň ýerli ilatyn
Ne aşaky görýä, ne-de Ýokarky.

Hiç hili ulag ýok göçüp gidere,
Tapylsa-da serişde ýok töläre.
Dargan gara öýler yrgyldaşyp dur,
Meňzäp dört tarapy açyk teläre.

Kimiň aladasy, kimleriň derdi,
O ýerde galanlar adam däl ýaly!
Guw, leňňeç hem balyk kimin üç döwlet
Üç tarapa çekýä gark bolan saly.

«Mollasy köp bolsa toklusy haram»,
Adamlarda ýaşamaga höwes ýok.
Asmana hiç kimiň ýetenok sesi,
Ýerdäkiler bolsa hiç zat görenok...

XS
SM
MD
LG