Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ 'gapma-garşylyk' islemeýär


Putin Soçidäki halkara forumda 'Günbatar Orsýetiň Ukrainadaky kanuny bähbitlerini äsgermezlik etdi' diýdi.
Putin Soçidäki halkara forumda 'Günbatar Orsýetiň Ukrainadaky kanuny bähbitlerini äsgermezlik etdi' diýdi.

Birleşen Ştatlar özüniň «Orsýet bilen gapma-garşylyk» gözlemeýändigini aýdýar.

Emma Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretarynyň sözçüsi Jen Psaki Waşington “Ýewropadaky howpsuzlyk we Demirgazyk Amerikadaky rahatlyk prinsipleri babatda eglişige gidip bilmeýär» diýdi.

Psaki bu ýerde ylalaşmazlyklaryň bolup biljekdigini aýdyp, "emma biz Ukrainanyň özygtyýarlylygyny we toprak bütewiligini saklamagyna ygrarly galýarys» diýdi.

Psaki bu sözleri Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin dünýä barha howply bir ýere öwrülýär, sebäbi Birleşen Ştatlar beýleki ýurtlary öz islegine tabyn etmäge çalyşýar diýeninden soňra aýtdy.

Putin Birleşen Ştatlar Yrakda, Liwiýada we Siriýada «öz syýasatynyň getiren netijelerine garşy söweş alyp barýar" diýdi.

Putin Soçidäki halkara forumda çykyş edip, Günbatar Orsýetiň Ukrainadaky kanuny bähbitlerini äsgermezlik etdi we Ukrainanyň Moskwa ýakyn liderini, öňki prezident Wiktor Ýanukowiçi häkimiýetden çetleşdirmäge goldaw berdi diýdi.

Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi, Moskwa Gara deňiz ýarymadasy Krymy anneksiýa edeninden soň, gündogar Ukrainada garaşsyzlyk üçin söweşýän pitneçileri ýaraglandyrdy diýilýän habarlar sebäpli, Orsýete garşy sanksiýa girizdi.

Putin bu çäreleri «ýalňyşlyk» hökmünde ret etdi we olar Orsýeti izolýasiýa iteklemegi maksat edindi we «hemmelera zyýan ýetirmek» bilen soňlanar diýdi.

Putin Günbatary beren wadalarynda durmazlykda günäledi we muňa mysal edip fewral aýynda, protestçiler Kiýewde Ýanukowiçi edarasyndan gysyp çykarmazlaryndan birnäçe sagat öň prezident Barak Obama bilen edilen telefon gürrüňini ýatlatdy.

Putin öz döwletiniň öz jana-jan bähbitlerini goramak üçin öz ornunda berk durjakdygyny duýdurdy.

"Aýy Taýganyň hojaýynydyr. Ol başga ýerlere gitmekçi bolmaýar. Emma ol öz Taýgasyny hem hiç kime bermekçi däl» diýip, Putin aýtdy.

"Orsýet dünýäde özi üçin aýratyn, artykmaç bir ýer talap etmeýär» diýip, ol aýtdy. «Özgeleriň bähbitlerine hormat goýmak bilen, biz diňe öz bähbitlerimiziň hem nazara alynmagyny, öz pozisiýamyzyň sylanmagyny isleýäris.»

XS
SM
MD
LG