Sepleriň elýeterliligi

Prezidentler biri-birini sylaglady


TDH Aşgabatdaky gepleşikleriň «örän netijeli» bolandygyny habar berýär. "Türkmenistan: Altyn asyr" saýtynyň suraty

TDH Aşgabatdaky gepleşikleriň «örän netijeli» bolandygyny habar berýär. "Türkmenistan: Altyn asyr" saýtynyň suraty

Türkmen döwlet habarlar gullugy türkmen we özbek prezidentleriniň Aşgabatda geçiren gepleşikleriniň «örän netijeli we baý mazmunly» bolandygyny habar berýär.

Iki lideriň duşuşygy mahalynda Hytaýa gaz geçiriji gurmagyň nobatdaky tapgyry, Merkezi Aziýada suw bölünişigi, ekologiýa, Owganystanda parahatçylygy pugtalandyrmak, söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, biznes hyzmatdaşlygyny giňeltmek barada maslahat edilipdir.

Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimow bilen Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda geçirilen gepleşikler mahalynda bir topar ylalaşyga gol çekilipdir.

Şeýle-de prezidentleriň biri-birine sylag-hormatyny bildirip, sylag gowşurandygy, türkmen lideriniň Yslam Karimowa Magtymguly adyndaky halkara baýragy, özbek lideriniň bolsa Berdimuhamedowa Özbegistanyň «Garaşsyzlyk» ordenini gowşurandygy habar berilýär.

Prezident Berdimuhamedow metbugat wekilleriniň öňünde eden çykyşynda şeýle diýdi: «Özbegistan sebitde biziň möhüm we ygtybarly hyzmatdaşymyzdyr, biz Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmak, dürli ugurlarda sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin amatly şertleri döretmek ugrunda işjeň gatnaşyklary alyp barýarys.»

Türkmen prezidenti öz sözüniň dowamynda «Biz Owganystandaky ýagdaýlara uly üns berýäris» diýdi.

«Türkmen we özbek halklary Owganystany parahat, gülläp ösýän döwlet, hoşniýetli goňşy hem-de sebitiň ähli ýurtlarynyň hyzmatdaşy hökmünde görmek isleýärler» diýip, ol aýtdy.

Prezident Berdimuhamedowyň sözlerine görä, bu iki ýurduň alyp barýan daşary syýasaty "halkara hukugynyň we BMG-niň Düzgünnamasynyň ykrar edilen kadalaryna ygrarlylyga» esaslanýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Özbegistan, boýun alan halkara borçlaryna garamazdan, adam hukuklary meselesinde, raýatlaryň syýasy, ykdysady, medeni azatlyklaryny çäklendirmekde yzygiderli tankyt edilýär. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanda ýaşaýan özbek azlygynyň, Özbegistanda ýaşaýan türkmen azlygynyň, serhediň iki tarapyndaky garyndaşlaryň iki ýurduň çäginde hereket, syýahat, baryş-geliş mümkinçilikleriniň çäklendirilýändigi barada habarlar çykýar.

Eýsem iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň geçiren gepleşiklerinde şu meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldymy? Azatlyk radiosy bu soragy ýerli synçy, Aşgabatda ýaşaýan publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýewe berdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG