Sepleriň elýeterliligi

Hytaýda 16 magdançy öldi


Hytaý metbugaty ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Sinjiaň welaýatynda çöken kömür käniniň 16 magdançyny öldürendigini aýdýar.

24-nji oktýabrda, ýarygijäniň öň ýanynda bolan betbagtçylyk mahalynda ýer astynda 33 magdançy bar eken.

11 magdançy ýaralanypdyr we 6 magdançy aman gutulypdyr. Hytaý mediasy kömür käniniň adyny aýtmady we bolan betbagtçylygyň sebäpleriniň derňelýändigini habar berdi.

Iýunda Hytaýyň günorta-günbataryndaky bir kömür käninde bola hadysady 22 adam ölüpdi.

XS
SM
MD
LG