Sepleriň elýeterliligi

Putin Ýanukowiçe 'ýardamyny' boýun aldy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Wiktor Ýanukowiçe fewralda, ukrain prezidentliginden çetleşdirileninden soň, ýurtdan gaçmaga kömek berenini ilkinji gezek il ortalaýyn boýun aldy.

Putin 24-nji okatýabrda Soçide geçirilen halkara forumda çykyş edip, Orsýet Ýanukowiçe Kryma aşmaga kömek etdi diýdi.

Krym o mahal Moskwa tarapyndan anneksiýa edilmändi.

Putin Ýanukowiçiň soňra Kremlden maşgalasy bilen Orsýete gelmegine rugsat sorandygyny, özleriniň bolsa oňa şol rugsady berendiklerini aýtdy.

XS
SM
MD
LG