Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda suratçy tutuldy


Eýranly fotosuratçy golaýda Ispihanda ýaş zenanlary nyşana alan kislota hüjümlerine garşy 22-nji oktýabrda guralan protestleri surata düşüreninden soň tussag edildi.

Eýranyň oppozisiýa saýtlary howpsuzlyk güýçleriniň Aria Jafarini 23-nji oktýabrda tussag edip, onuň goşlaryny konfiskasiýa edendiklerini habar berdiler.

Jafariniň düşüren suratlary ýarym resmi ISNA habar gullugy tarapyndan çap edildi we websaýtlar hem sosial ulgamlar tarapyndan giňden paýlaşyldy.

Kislota hüjümleriniň pidalary yslam çadyrasyna düzüwli çolanmandyklary üçin nyşana alnana meňzeýär.

Prezident Hassan Rohani bu hüjümleriň berk derňelmegini buýurdy.

XS
SM
MD
LG