Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýa bankiri ekstradisiýa edýär


Fransiýanyň Lion şäherindäki şikaýat sudy gaçgak gazak bankiri Muhtar Abliýazowy ekstradisiýa etmek barada karar çykardy.

24-nji oktýabrdaky kararda ekstradisiýa etmek öňdeliginiň Orsýete berilýändigi aýdylýar.

Abliýazow döwlet emlägini ogurlamakda aýyplanyp, Gazagystan, Orsýet we Ukraina tarapyndan gözlenýärdi.

Abliýazowyň gyzy Madina we aklawçysy Mark Feýgin onuň bu karardan şikaýat etjegini aýtdylar.

Abliýazow Gazagystanyň BTA bankyna başlyk bolan wagtynda 5 milliard dollar çemesi pul ogurlamakda aýyplanýar.

Emma Gazagystanda öňdebaryjy oppozisiýa wekili bolan Abliýazow bu aýyplamalaryň syýasy sebäplidigini öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG