Sepleriň elýeterliligi

Eýran ofiseri öldüren aýaly asdy


Eýran häkimiýetleri 26 ýaşyndaky aýaly asyp öldürdi. Ol ozalky aňtaw ofiserini öldürmekde günälenipdi.

Eýranyň resmi IRNA habar gullugy Tähran prokuraturasyna salgylanyp, Reýhane Jabbariniň 25-nji oktýabryň säherinde asylandygyny aýtdy.

«Reýhane Jabbarini halas et» diýen at bilen açylyp, onuň ölüm jezasyndan boşadylmagy ugrunda kampaniýa alyp baran feýsbuk sahypasy hem bu habary tassyk etdi.

«Amnesty International» guramasy 24-nji oktýabrdaky beýanatynda Jabbariniň 2007-nji ýylda Mortaza Abdolali Sarbandini pyçaklandygy üçin jezalandyrylyp öldüriljegini aýtdy.

BMG-niň adam hukuklary gözegçisi Jabbariniň özüne jynsy zorluk etmäge çalşan Sarbandiden goranandygyny aýtdy.

BMG Eýranda 2014-nji ýylda 250-den gowrak adamyň jezalandyrylyp öldürilendigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG