Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Waşingtondan gutlag iberildi


Jon Kerri, ABŞ-nyň döwlet sekretary
Jon Kerri, ABŞ-nyň döwlet sekretary

Prezident Obamanyň we Birleşen Ştatlaryň halkynyň adyndan Türkmenistanyň halkyny 27-nji oktýabrda belleýän Garaşsyzlyk baýramy, Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 23 ýyllygy bilen gutlaýaryn diýip, Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerriniň Waşingtondan metbugat üçin ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Döwlet sekretary Türkmenistan 1991-nji ýylda öz garaşsyzlygyny jar edende, Birleşen Ştatlaryň hem türkmen halkynyň gazanan üstünligini baýram edendigini ýatlaýar.

Gutlagyň dowamynda ýene şeýle diýilýär: «Şol ýylyň aýagynda Sowet Soýuzynyň soňky respublikalary hem garaşsyzlygyny jar edende, prezident Jorj H.W.Buş ‘indi biziň wezipämiz bu täze döwletleri parahatçylygy gorap saklamaga we has abadançylykly gelejek gurmaga çekmekden ybarat' diýdi.»

Jon Kerri şondan soňky 23 ýylda Birleşen Ştatlar bilen Türkmenistanyň «has parahatçylykly we durnukly sebit döretmek ugrunda bilelikde işländigine» ünsi çekýär.

«Biz siz bilen umumy maksatlarymyza ýetmek, söwda we biznes gatnaşyklarymyzy giňeltmekden professional, medeni we magayrf alyş-çalyşlarymyzy ösdürmäge çenli ýakyndan işleşmegi dowam etdireris» diýip, gutlagda aýdylýar.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary gutlagyň soňunda Türkmenistanyň halkyna parahatçylykly, ösüşli we abadançylykly gelejek baradaky iň gowy arzuwlaryny ýollapdyr.

XS
SM
MD
LG