Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyzlaryň ýüzüne kim kislota sepýär?


Tähranda kislota hüjümlerine garşy guralan protestler. 22-nji oktýabr, 2014 ý.
Tähranda kislota hüjümlerine garşy guralan protestler. 22-nji oktýabr, 2014 ý.

Süheýla Jowrkeş ejesiniň telefonyna jogap bermek üçin maşynyny saklan mahaly hüjüme duçar bolupdyr.

Onuň kakasy Nasyr Jowrkeş BBC-niň pars gullugyna beren beýannamasynda, motosikletli ýanyndan geçen iki adamyň maşynyň açyk penjiresinden gyzyň ýüzüne kislota sependiklerini aýdypdyr. Bu hüjümiň netijesinde onuň sag gözi ymykly kör bolupdyr, çep gözi bolsa uly zyýan çekipdir, maňlaýy, elleri we aýaklary bolsa kislotadan ýanypdyr.

Şeýlelikde, 27 ýaşyndaky student gyz ýeterlik ýagdaýda bürenmändigi üçin merkezi Eýranda ýerleşýän Yspyhan şäherinde kislotaly hüjümlere duçar bolan onlarça pidalardan birine öwrülipdir.

Birnäçe hüjümiň pidalary we olaryň hossarlary bilen gürrüňdeşlik geçiren ýarym resmi ISNA habar gullugynyň maglumatlaryna salgylanylanda, şeýle pidalaryň üstüne edilem hüjümler edil Jowrkeşiň duçar bolan ýagdaýyna meňzeýär.

Merýem biraz şemallamak üçin maşynyň penjiresini açan mahaly nyşana öwrülipdir.

Onuň aýtmagyna görä, motosikletdäki adamlar onuň ýüzüne we bedenine iki litre golaý kislota sepipdirler. Ol gözüniň gabagyny ýitiripdir we endamynda hem köpsanly zeperler emele gelipdir.

"Men bolan ýagdaý sebäpli henizem özüme gelip bilemok. Şeýle işi kim başga birine garşy edip bilerkä?" diýen zenan, sözüniň üstüni şeýle ýetirýär: "Muny eden hem adammyka?"

Polisiň bildirmegine görä, 4 zenan şeýle hüjümlere duçar bolupdyr. Ýöne sosiýal ulgamdaky maglumatlara salgylanylanda, pidalaryň sany on adamdan geçipdir.

Zorlugyň sebäbi näme?

Köpçülik şeýle hüjümlere bürenmeklik kadasyna eýermekligi hasam pugtalandyrmaga çagyrýan radikallaryň öjükdirmeleriniň sebäp bolýandygyny nygtaýar. 1979-njy ýyldan bäri Eýranda güýje giren eginbaş düzgüni zenanlaryň bürenmegini, sada we giň geýimler geýmeklerini talap edýär.

Eýranly zenanlar soňky ýyllarda saçlarynyň al-elwan ýalyklaryň astyndan görünmegine mümkinçilik döredip, dar balaklary geýip, kosmetikadan peýdalanmak bilen erkinlikleriniň çägini biraz giňeldipdirler. Bu bolsa radikallaryň gazaplanmagyna we bu ugurda berk çäre görülmegi üçin hökümete ýüzlenmeklerine sebäp bolupdyr.

Mejlisdäki halk wekilleri hejaba, ýagny bürenmeklige we bu ugurda yslam kadalaryna eýerilmegini hasam pugtalandyrmak üçin hökümetiň meýletinlerine ýa-da besijlere (şerigat polisleri) aýratyn ygtyýarlaryň tabşyrylmagyny teklip edipdirler.

Asly Yspyhandan, Tähranda ýaşaýan bir zenanyň aýtmagyna görä, şeýle hüjümler esasan-da ýaş zenanlaryň arasynda howsalanyň ýaýbaňlanmagyna sebäp bolýar.

Ol: "Radikal dinçiler zenanlara garşy ýigrenç ýaýradýarlar we muňa görä-de köp adam hüjümleriň aňyrsynda şolaryň durýandygyna üns çekýärler" - diýipdir.

Içeri işler ministriniň orunbasary Murtaza Mirbageriniň aýtmagyna görä, şol hüjümler bilen baglanşykly dört şübheli adam tussag edilipdir.

Resmi: "Häzirki ýagdaýda Yspyhanda asudalykda hiç hili ynjalyksyzlyk ýok we kislota hüjümleri bilen baglanşykly gaty çynlakaý çäreler durmuşa geçirildi" - diýipdir.

Resmiler bürenmeklik günälerini kabul etmeýärler

Kazyýetiň metbugat geňeşçisi Mohseni Ežeý bolsa, şeýle wakalaryň bolandygyna we hüjümleriň zenanlaryň kada görä bürenmändikleri üçin ýüze çykandygyna şübhelenýär.

Ežeý: "Hüjüme duçar bolan zenanlar bürenmeklik babatda hiç hili erbet geýinmändirler we bu babatda internet sahypalarynda ýaýradylan habarlar tassyklanmady" - diýipdir.

Onuň nygtamagyna görä, jenaýat edýänler berk jezanaldyryljakdyr.

Yspyhanyň jumga namazynyň ymamy Seýit Ýusup Tabatabaýinežed şeýle hüjümleriň yslama garşydygyny beýan edipdir. Onuň aýtmagyna görä, bu hüjümleri belli "topar" we "şahsyýetler" bilen baglanyşdyryp bolmaz.

Şeýle beýannamalara garamazdan, köp adamlar polisiň gowşaklygy we syýasy erksizligi sebäpli gaharlanýarlar.

Bir tähranly feýsebuk sosýal ulgamdaky sahypasynda "Birnäçe ýetginjek "Happy" atly wideony Ýoutube internet sahypasyna goýan mahaly, polis şolary birnäçe sagadyň dowamynda tapyp, tussag edipdir. Bes ediň indi. Zenanlara hüjüm edilen mahaly polis nirededi?" - diýip ýazypdyr.

Şirazly bir zenan Azatlyk Radiosyna beren beýannamasynda hüjümleriň sebäbini radikal dinçileriň zenanlary gündelik durmuşdan daşlaşdyrmaklyk islegi bilen bagdaşdyrypdyr.

"Bulary edýänler hökümetiň meýletinleri, besijlerdir" diýip nygtan ol zenan sözleriniň üstüni şeýle ýetiripdir: "Olar gorky döredip, zenanlary öýlerinden çykmaz ýaly etmage synanyşýarlar. Şeýle işi edýänleri tapmak olar ýalam kyn däl".

Mundan owal Eýranda zenanlara garşy himiki serişde bolan kislota bilen edilýän şeýle hüjümleriň ylaýta-da olaryň hossarlary bolan erkek adamlar ýa-da ret edilen erkek adamlar tarapyndan gurnalýandygy habar berilýärdi.

XS
SM
MD
LG