Sepleriň elýeterliligi

Kürt şäherinde 3 esger öldürildi


Ýurduň günorta-gündogaryndaky kürt regionynda ýüzi perdeli ýaragly adamlar üç türk esgerini atyp öldürdi.

Türk goşuny Yrak we Eýran bilen serhetdäki Hakkari welaýatynyň Ýüksekoba şäherinde bolan hüjüme separatist «terrorçylaryň» günäkärdigini aýtdy.

Ol esgerler kürtleriň köplük bolup ýaşaýan şäheriniň merkezinden ýöräp barýarkalar tüpeňlenipdir.

Wakanyň bolan ýerinden gaçan ýaragly adamlary tapmak üçin operasiýa başlandy.

XS
SM
MD
LG