Sepleriň elýeterliligi

Rohani kislota hüjümlerini ýazgarýar


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani aýallara garşy guralýan kislota hüjümlerini «adamkärçilige sygmaýan iş» atlandyrdy we kanun goraýjylaryň günäkärleri tapmagyny buýurdy.

Oktýabryň ortalaryndan bäri merkezi şäher Yspyhanda sekiz töweregi aýalyň depesinden kislota guýuldy. Ol aýallara yslam egin-baş düzgünlerini bozandygy üçin hüjüm edilendir öýdülýär.

Rohani 25-nji oktýabrda Eýranyň Içeri işler, Adalat ministrliklerini we ýaşyryn gulluklaryny bu işe jogapkär adamlary derrew tapmaga hem-de jogapkärçilige çekmäge çagyrdy.

Içeri işler ministrligi ozal bu iş bilen ilteşikli dört erkegiň tussag edilendigini aýdypdy.

Bu hüjümler 22-nji oktýabrda ýüzlerçe adamyň Yspyhanda proteste çykmagyna sebäp boldy. Tähranda hem uly protest guraldy.

Ýurduň wise-prezidenti hassahanadaky kislota pidalarynyň käbiriniň halyny soramaga bardy.

XS
SM
MD
LG