Sepleriň elýeterliligi

Koalisiýa owgan operasiýalaryny soňlaýar


ABŞ-nyň harby-deňiz güýçleriniň soňky birikmeleri, Britaniýanyň söweş goşunlary Owganystandaky missiýalaryny resmi suratda tamam etdiler.

Olar 26-njy oktýabrda öz uly harby bazalaryny owgan howpsuzlyk güýçleriniň ygtyýaryna tabşyrdylar.

Birleşen Ştatlaryň Helmand welaýatyndaky uly bazasy owgan harbylaryna geçirildi.

Bu koalisiýanyň 31-nji dekabrda soňlanýan harby missiýasy bilen baglylykda owgan harbylaryna geçirilen iň uly amerikan harby bazasydyr.

Britan goşunlarynyň «Bastion» harby bazasy hem owgan güýçlerine berildi.

XS
SM
MD
LG