Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gyrgyzystan türkmen toguny isleýär


Gyrgyz delegasiýasynyň elektrik eksporty barada maslahatlaşmak üçin Türkmenistana gelendigi aýdylýar.

Türkmen resmileri bilen gepleşik geçirjek delegasiýa Gyrgyzystanyň premýer-ministriniň birinji orunbasary Waleriý Dil ýolbaşçylyk edýär.

Gyrgyzystanyň esasy suw howdanynda şu ýyl suwuň derejesi 25 prosent çemesi az we ýurt şu gyşda 2.5 milliard kilowat sagat çemesi elektrik ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolar öýdülýär.

XS
SM
MD
LG