Sepleriň elýeterliligi

ABŞ eýranly aýalyň asylmagyny ýazgarýar


Birleşen Ştatlar Eýranyň ozalky aňtaw ofiserini öldürmekde günäli tapylan aýalyň asylyp öldürilmegini ýazgardy. Ol aýal ofiseriň özüni zorlamaga synanyşandygyny aýdypdy.

Birleşen Ştatlaryň döwlet deparatmentiniň sözçüsi Jen Psaki Waşington Reýhane Jabbariniň sudunyň adalatly bolandygyna we onuň işiniň daşyndaky ýagdaýlara çynlakaý alada bildirýär diýdi.

Psaki Jabbariniň «gazaply basyş astynda toba etdirilendigi» barada hem habarlaryň gowşandygyny aýtdy.

26 ýaşyndaky Jabbari 2007-nji ýylda Morteza Abdolali Sarbandini pyçaklaly bäri ölüm kamerasynda otyrdy.

BMG we halkara hukuk toparlary onuň agyr basyşlar we prokurorlaryň haýbatlary esasynda «günäsini boýun almaga» mejbur edilendigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG