Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň geň hem täsin tebigaty bar.

Geň tarapy, derýa boýundaky jeňňelligi görseň, şu golaý-töwerekde çöl bardyr diýen pikir hyýalyňa gelmeýär. Eger çöllügi synlasaň, bu toprakdan derýa aýkýandyr diýip pikir etmeýärsiň.

Täsinligi bolsa, ol biri-birine meňzemeýän şekiller bilen utgaşyp, akylyňy haýran edýär.

Şol täsinligiň bary türkmeniň ýeri, onuň düýnki taryhy hem geljegi.

Tozan hem boşluk

Gaty ir zamanlar, bu topragyň ýaş wagtyny gören adamlar bolandyr. Biz welin munuň garrap, tozgunçylyga uçrap, çöle öwrülen döwrüni synlaýarys.

Asman-zenin arasy sary çaňa garylyp dur. Aşakdan ýokarlygyna sowrulýan çägeden ýaňa ýol ýöredenok. Aňrysy-bärisi görünmeýän uzak ýol bolsa tozanyň içinde uzalyp ýatyr.

Her näçe gitseň hem göwnüňe ýol önmeýän ýaly. Elbetde, ýol önýändir, ýöne duşuňdan bir düýp agaç, ýa köl, ýa derýa, ýa başga bir alamat geçmese, ýol önmeýäne meňzeýär.

Syrgynyň arasyndan, ahyry bir gara salgym görünýär. Golaýlaşdygyňça, ol ulalyp, beýgelip, ýaýbaňlanyp barýar. Aşak ýüzde, alnyňda bir pessejik dag peýda bolýar.

Oňa Kiçi Balkan diýýärler.

Göçülen ýurt

Bu dag birmahallar bol-elinligiň hem eşretiň mekany bolupdyr. Ata-babalarymyz onuň eteginde mekan tutup, oňa yurt diýip sygynypdyr.

Dagyň düýbünden bol suwly derýa akypdyr. Bu ýerlerden deňze çykmak mümkin ekeni.

Indi bolsa ol üstünden il-gün göçenine hasrat çekýän ýaly, gara daşa öwrülip otur. Dagyň töweregindäki bag-bossanlyk ýok bolupdyr, töwerkden diňe ynsan däl, eýsem janly zatlaryň bary göçüpdir, haýwanlar, guş-gumrular gidipdir.

“Şol uly göçhä-gözlükde, aty, düýesi bolanlar gaty uzaklara gidipdirler. Eşegi bolanlar hem bu ýerde galmandyr” diýip gürrüň edýärler.

Bir gysym topragyndan-a ýeter diýip, bagryny ýere beren garyp-pukaradan başga galypdyr. Hawa, ine şol, bagryny ýere beren millet, lagar düşen düýe, bogazyna pyçak goýanyňda-da, sesi çykmaýan goýun, haram eşek, bu dünýä parh goýmaýan pyşdyl… Bular häzir hem bar.

Dag hem öz ornunda. Ol entegem, nähilidir, penakär. Onuň gabadyna baranyňda, ýel-tozan azalýar. Älem parahat hem asuda ýagdaýa geçýär.

Gadymy derýa

Şol ýerden ýol gadymy derýanyň hanasyna girýär. Birwagtky beýik derýadan, ynsan ýaşaýşynyň gözbaşy bolan bol suwly gudratly akabadan bir boş hana hem akan suwuň yzy galypdyr.

Bu akylyňy haýran edýär. Magtymgulynyň gömlen, ýer bilen deňleşen derýalar barada aýdanlary ýadyňa düşýär. Beýik akyldar ony nähili maksat bilen aýdanam bolsa, aslynda şeýle boş ýatan derýalaryň içinden keseläp geçensoň, şol ýowuz deňeşdirme onuň eserine girendir diýen pikir hyýalyňa gelýär.

Gadymy derýanyň hanasyna indigiňçe, ýoly sary ýel kesýär. Gadymy derýanyň hanasyndan häzir tozanly ýel akýar.

Güýçli ýel ýoluň sag tarapyndaky gumy çep ýüze akdyrýar. Eger ol mydama bir tarapa aksady, Ýer bir gapdalyna gyşarardy. Ertir görseň, ol gum tersine akyp durandyr.

Derýa, megerem, iki çakrymdanam inliräkdir. Ol şeýle giň bolupdyr. Gyz deňzinden gözbaş alyp gaýdan bu täsin derýa müň ýyllap akypdyr. Onuň dört ýüz ýyly-ha Isa Mesih dünýä inenden soň, alty ýüz ýyly bolsa Mesih dogulmazyndan öň akypdyr. Ol Gyz deňzi – häzirki Sarygamyş bilen Hazary birleşdiripdir.

Ol mydama dolup-daşyp akypmy ýa-da aralap, arasyna çil taşlap akypmy, bu belli däl. Ýöne bize gelip ýeten yzlaryna seretseň, dünýäde beýle uly derýa az-azdyr diýdirýär.

Oňa Uzboý diýipdirler.

Bakylyk

Dünýäde diňe bir Bakylyk bar – ol ýaşaýyş diýip, filosoflar aýdýarlar.

Häzirki ýol köne derýanyň hanasyndan çykýar. Uzboýyň sag kenaryndan, beýleki bir uly dag görünýär.

Alnyňda Uly Balkan seleňläp otyr. Onuň goltugynda bolsa ak tamlar – ynsan höwürtgeleri görünýär.

Dünýä garraýar, dünýä guraýar, adam bolsa täzeden-täze jaý gurýar. Täze şäherler döreýär. Ýaşaýşy gutaryp barýan bu zemine ýaşamaga gelýänler barha artýar. Şol hem Bakylygy döredýär.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG