Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Astana: Serhet ýolbaşçysy tussag edildi


Gazagystanyň Serhet gullugynyň ýolbaşçysy Nurlan Žolamanow wezipe ygtyýarlygyndan hyýanatçylykly peýdalanmakda güman edilip, tussag edildi.
Merkezi aziýaly ýurduň Milli howpsuzlyk komiteti Žolamanowyň 27-nji oktýabrda tussag edilendigini habar berdi, emma bu wakanyň jikme-jiklerini köpçülige mälim etmedi.

Soňky iki ýylyň dowamynda Gazagystanyň öňki resmileriniň ençemesi para almak bilen baglylykda jogapkärçilige çekildi.
Olaryň käbiri uzak möhletli tussaglyga höküm edildi.

16-njy oktýabrda Oba hojalyk ministriniň öňki orunbasary Muslim Omiraýew 100 000 amerikan dollary mukdarda para almakda aýyplanyp, 10 ýyl tussaglyga höküm edildi.

Gazagystanyň Orsýet, Hytaý, Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkmenistan bilen serhetleri bar.


XS
SM
MD
LG