Sepleriň elýeterliligi

Eýran “daşary ýurtly agentleri” günäleýär


Eýranyň ýokary wezipeli resmisi ýakynda ýurduň taryhy şäheri Isfahanda zenanlaryň ýüzüne turşy sepmek arkaly amala aşyrylan hüjümlerde daşary ýurtly agentleri we Eýran “rewolýusiýasynyň” duşmanlaryny aýyplady.

Prezident Hassan Rohaniniň baş geňeşçisi Ali Ýunusi turşy sepmek tejribesiniň eýran medeniýetine mahsus bir zat däldigini 27-nji oktýabrda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda aýtdy we Isfahandaky hüjümleriň guramaçylygynda “rewolýusiýa garşy elementleri” we “daşary ýurtly” agentleri günäledi. Azyndan dört zenan motorly hüjümçileriň hüjümlerine sezewar boldy.

Wakalar Isfahanda we Tähranda protest döretdi.

Eýranyň resmileri hüjümleriň pidalarynyň talaba laýyk bürenmändigi sebäpli nyşana alynan bolmagy baradaky çaklamalary ret etdiler we günäkärleri tapmagy wada berdiler.

Media serişdeleri ençeme adamyň tussag edilendigini, emma ýeterlik subutnama bolmansoň boşadylandygyny habar berdiler.

XS
SM
MD
LG