Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Ýewropaçy partiýalar ýeňiş gazandy


Bir ýyllap dowam eden syýasy bulaşyklygy we orsýetçi separatistlere garşy birnäçe aýlap dowam edýän uruşy başdan geçirýän Ukrainada parlament saýlawlarynda Ýewropa tarapdar partiýalar ýeňiş gazandy.

Ses berişligiň 27-nji oktýabrda yglan edilen käbir netijeleri ýurduň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýugyň “Halk frontunyň” we prezident Petro Poroşenkonyň blogynyň 21.6% we 21.51% netijeler bilen öňe çykandygyny görkezdi.

Premýer-ministr Ýatsenýuk "täze koalisiýa ÝB bilen assosiasiýa barada ylalaşyga daýanýar”, diýip belledi.

Poroşenko 26-njy oktýabrda milli telewideniýede görkezilen çykyşynda ses berijileriň “Ukrainanyň Ýewropa tarap ýoluna berk we gaýduwsyz” goldaw bildirendigini aýtdy. Şeýle-de Poroşenko saýlawlaryň ýurduň gündogaryndaky konfliktiň “syýasy usul bilen” soňuna çykylmagyna goldaw görkezendigini belledi. Konflikt zerarly aprel aýyndan bäri 3700 çemesi adam wepat boldy.

XS
SM
MD
LG