Sepleriň elýeterliligi

Yrakda adam heläkçilikli partlama boldy


Yragyň resmileri janyndan geçen hüjümçiniň bombaly ulag bilen Jurf al-Sahar şäheriniň barlag-gözegçilik nokadyna hüjüm edendigini habar berýärler. Bu waka Yragyň howpsuzlyk güýçleriniň bu territoriýadan “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerini yza serpikdirmeginden bir gün soň boldy.

Ýurduň howpsuzlyk güýçleri we goşuny tarapyndan berlen maglumatlarda hüjümde ölenleriň sanynyň 11 bilen 27 adam çemesidigi habar berilýär. Şeýle-de, bu wakada başga-da onlarça adam heläk boldy.

“Reuters” habar gullugynyň ýurduň armiýasyndaky we polisiýasyndaky çeşmelere salgylanyp berýän maglumatyna görä, hüjümde pida bolanlaryň arasynda hökümete tarapdar şaýy harbylary eken.

26-njy oktýabrda şaýy harbylary tarapyndan goldanylýan Yragyň esgerleri Jurf al-Sahar şäheriniň kontrollygyny gaýtadan ele geçiripdiler. Bu şäher iýul aýyndan bäri “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileriniň goly astyndady. Agzalýan şäher Yragyň paýtagty Bagdadyň 50 kilometr günortasynda ýerleşýär.

XS
SM
MD
LG