Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Palestina Ysraýylyň planlaryny tankyt etdi


Ysraýyl gündogar Ierusalimdäki araplaryň ýaşaýan sebitinde göçürilip gelnenler üçin 1 müňden gowrak ýaşaýyş jaýy gurjakdygyny mälim etdi. Palestina bolsa bu hereketiň ýowuzlygyň “partlamagyna” sebäp bolup biljekdigi barada duýduryş berdi.

Jaýlaryň gurulmagy baradaky beýanat 27-nji oktýabrda Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň (Benjamin Netanyahu) edarasyndan ady köpçülige mälim edilmedik çeşmeler tarapyndan ýaýradyldy. Beýanatda Har Homa sebitinde 400 we Ramat Şloma sebitinde 600 ýaşaýyş jaýynyň guruljakdygy bellenilýär.

Palestinanyň lideri Mahmud Abbasyň metbugat wekili Nabil Abu Rdeina (Nabil Abu Rdeina) bu ädimiň regionda “weýrançylygy” döredip biljek “howply güýjemedigini” belledi.

Mahmud Abbasyň “Fatah” toparynyň ýokary derejeli agzasy Jibril Rajub hem, bu ädimiň ýowuzlyklary has-da möwjedip biljekdigi barada duýduryş berdi.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň sözçüsi Jen Psaki Ysraýylyň göçürilip gelnenler üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlaryny gurmak baradaky planlaryna Waşingtonyň “düýpli aladalanma” bildirýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG