Sepleriň elýeterliligi

Russiýa: Donetsk, Luhansk saýlawlary ykrar ediler


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Kiýewdäki hökümete garamazdan, 2-nji oktýabrda gündogar Ukrainada geçirilmegi guramalaşdyrylýan saýlawlary Moskwanyň ykrar etmegi planlaşdyrýandygyny aýtdy.

28-nji oktýabrda “Izwestiýa” atly neşirinde çap bolan interwýusynda Lawrow: “Biz ylalaşylany ýaly saýlawlaryň geçirilmegine garaşýarys we biz onuň netijelerini elbetde ykrar ederis” diýdi.

Ukrainanyň Donetsk we Luhansk regionlaryndaky orsparaz separatistleriň liderleri aýrylykdaky parlamentleri we öz liderlerini saýlamak üçin “halk respublikasy” diýlip atlandyran sebitlerinde saýlawlary geçirjekdiklerini mälim edipdiler.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Ukrainada geçiriljek islendik saýlawlaryň ukrain kanunlaryna laýyklykda geçirilmelidigini belläp, Kiýew ýurduň Donetsk we Luhansk reginlarynda geçirilmegi planlaşdyrylýan ses berişikleri kanunlaşdyrmagy göz öňünde tutmaýar diýdi.

XS
SM
MD
LG