Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britan harbylarynyň iň soňkulary Helmandy terk etdi


Britaniýanyň Goranmak ministrligi 13 ýyl dowam eden konfliktden soň, iň soňky britan uruş güýçleriniň Owganystanyň Helmand welaýatyny terk edendigini habar berdi. Owganystandaky bu konfliktlerde 450 britan esgeri heläk boldy.

Britaniýanyň Goranmak ministrligi soňky britan harbylarynyň 27-nji oktýabrda “Bastion” harby bazasyny dikuçarlar we transport uçarlary bilen terk edendigini mälim etdi. Bu waka gürrüňi gidýän bazanyň kontrollugy Owgan güýçleriniň gözegçiligine geçirilenden bir gün soň boldy.

Owganystanda britan harbylary ýerleşdirilende, olaryň sany 10 müňden gowrakdy. Şol bir wagtyň özünde olaryň aglabasy “Talyban” söweşijileriniň agdyklyk edýän sebiti Helmand welaýatynda ýerleşdirilipdi.

27-nji oktýabrda Britaniýanyň Goranmak boýunça sekretary Maýkl Fallon (Michael Fallon) britan güýçleri “başy dik ýurdy terk edýärler” diýdi.

Emma käbir analitikler bolsa, strategik öňdengörüjiligiň ýetmezçilik etmegi britan güýçleriniň öz missiýasyny tamamlaman gaýdýandygyny aňladýar diýip duýduryş berýärler.

XS
SM
MD
LG