Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Atambaýew: “GB” goşulmak möhüm


Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew “nyrhlaryň ýokary galmagynyň mümkindigine garamazdan”, öz ýurdunyň Russiýanyň liderligindäki “Gümrük bileleşigine” goşulmalydygyny aýdýar.

27-nji oktýabrda Gyrgyzystanyň Durnukly ösüş boýunça milli geňeşiniň ýygnagynda Atambaýew “Gümrük bileleşigine” goşulmaklygyň alyjylar üçin harytlaryň bahasyny ýokarlandyryp biljekdigini aýdyp, agzalýan bileleşige goşulmazlyk “bahalaryň we inflýasiýanyň has-da çaltlandyrylan depginde ýokarlanmagyna” sebäp bolup biler diýdi.

“Gümrük bileleşiginiň” düzümine Russiýa, Belarus we Gyrgyzystanyň demirgazykdaky goňşusy Gazagystan girýär.

Bu bileleşik Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň öňki sowet respublikalary bilen gatnaşyklary güýçlendirmäge bil baglaýan birnäçe guramanyň diňe biridir.

XS
SM
MD
LG