Sepleriň elýeterliligi

Ukrainada koalision gepleşikler geçirilýär


Ukrainanyň parlament saýlawlarynyň başlangyç netijelerine görä, saýlawlarda ýeňiş gazanan Günbatar tarapdary ukrain partiýalarynyň arasyndaky gepleşikleriň 28-nji oktýabrda dowam edýändigi habar berilýär.

27-nji oktýabrda Ukrainanyň koalision gepleşikleriniň birinji tapgyryna ýurduň prezidenti Petro Poroşenko (Petro Poroshenko), premýer-ministr Arseniý Ýatsenýuk (Arseniy Yatsenyuk) we ýurduň günbataryndaky Lwiw şäheriniň häkimi Andriý Sadowýi (Andriy Sadovyi) dagylar gatnaşdylar.

26-njy oktýabrda geçirilen saýlawlarda býulletenleriň 70%-den gowragynyň sanalmagy netijesinde Poroşenkonyň blogy we Ýatsenýugyň partiýasy sesleriň 21%-den gowragyny aldylar.

Sadowýiniň Ýewropa tarapdary “Samopomiç” partiýasy saýlawlarda 13% ses alyp, üçünji ýerde barýar.

XS
SM
MD
LG