Sepleriň elýeterliligi

Türkmen döwleti nädip döredi?


Gaýgysyz Atabaýew (ç) we Nedirbaý Aýtakow (s)

Gaýgysyz Atabaýew (ç) we Nedirbaý Aýtakow (s)

Garaşsyz döwletiň düýbüni tutmak her kese ýetdirýän bagt däl. Bu bagt diňe halkyň ykbalyndaky dartgynly hem iňňän jogapkärli pursatda öz gujur-gaýratyny, parasadyny görkezen kişilere ýetdirýär. Türkmenistan döwletini döretmek bagty hem türkmeniň parasatly ogly Gaýgysyz Atabaýewe (1887-1937) miýesser edýär.

Gaýgysyz Serdarowiç Atabaýew, ýagny Gaýgysyz Atabaý, 1887-nji ýylda şol wagtky Tejen uýezdiniň Mäne obasynda öz döwrüniň tanymal şahsyýetleriniň biri meşhur Täçgök serdaryň maşgalasynda dünýä inýär.

Taryhy dogruçyl yzarlasaň, onda bu gün uly dabara bilen garaşsyzlygynyň 23 ýyllygy toýlanýan Türkmenistan döwletiniň düýbi 1924-nji ýylda tutulýar. Onuň düýbüni tutan hem türkmeniň parasatly hem batyr ogly Gaýgysyz Atabaýewdir. Bellemeli zat, Türkmenistan Respublikasy ilkibaşda SSSR-iň düzüminde döredilýär.

Şol döwürde bu işi diňe Gaýgysyz Atabaý ýaly beýik serkerde hem sowatly kişi başaryp biljekdi. Sebäbi türkmen tire-taýpalarynyň arasyndaky baglanyşyk gowşakdy. Garagum çölüniň daşyny töwerekläp oturan türkmenler uzak taryhy döwrüň dowamynda Türkmenistanyň garaşsyzlygyny gorap saklamagy başarsalar-da, orta asyr soltanlygymyz synansoň, täze taryhda bir döwlete birigip bilmeýärler. Parasatly türkmen serkerdeleri Nurberdi hanyň, Gowşut hanyň bütewi türkmen döwletini gurmak ugrundaky başlan işleri soňlanman galýar we netijede türkmen topragy XIX asyryň ahyrynda Rus imperiýasynyň erksiz koloniýasyna öwrülip, ”Zakaspiý welaýaty” adyny alýar.

Garaşsyz türkmen döwletini döretmek üçin syýasy, harby hem ykdysady güýç gerekdi, türkmenleriň güýji bolsa dagynykdy. Bir ýumruga düwülmedik barmaklar güýçli ýumruk bolmaýar! Emma, ynha, garaşylmadyk ýerden amatly pursat döreýär, ak patyşany we soňra-da Wagtlaýyn hökümeti syndyran bolşewikleriň serdary Lenin ozalky Rus imperiýasynyň kolonial halklaryna SSSR-iň düzüminde öz döwletlerini döretmegi teklip edýär. Emma dörän şu pursatdan peýdalanmagyň öňünde hem kynçylyklar az däldi. Özbaşdak Sowet Respublikasy bolmagyň üç sany esasy şerti bardy. Munuň üçin:

1. Respublikanyň ilat sany 1 milliondan geçmelidi.
2. Respublikanyň esasy milletiniň bütewi dili, ykdysadyýeti hem medeniýeti bolmalydy.
3. Respublikanyň daşary döwletler bilen araçägi bolmalydy.

Türkmenistan bolsa bu şertleriň diňe birini, ýagny iň soňkusyny berjaý edip bilýärdi. Onuň daşary ýurtlar – Eýran hem-de Owganystan bilen umumy araçägi bardy. Emma özbaşdak Respublika bolmak üçin başky iki şert has möhümdi. Türkmenistan welin olaryň birinjisini asla berjaý edip bilenokdy, ilat sany 1 milliondan has azdy; ikinjisini-de diňe kem-käsleýin bitirýärdi, ilatyň esasy köpçüligi türkmençe geplese-de, bir medeniýete eýe bolsa-da, halkyň umumy ykdysadyýeti ýokdy. Her taýpa öz güzeranyny özi aýlaýardy.

Netijede Türkmenistanyň üstüne Awtonom Respublika bolmak howpy abanýar… Sebäbi özbaşdaklygyň zerur şertlerini berjaý edip bilmedik kiçi halklar, Awtonom Respublika ýa-da welaýat görnüşinde, goňşy uly halklaryň düzümine birikdirilýärdi. Meselem, häzirki Garagalpagystan, Çeçenistan, Tatarystan ýaly! Awtonom Respublikalara bolsa hatda SSSR ýykylanda-da garaşsyzlyk ýetdirmedi! Türkmeniňem başynda bu howp bardy! Türkmeni bu ebedi baknalykdan gutaran Gaýgysyz Atabaýewdi! Onuň çuňňur parasady, genisi hem-de onuň wepaly egindeşleriniň gujur-gaýratydy!

Ýazyjy Tirkiş Jumageldiniň täzelikde Ýewropada neşir edilen ”Ýiten ýurt” kitabynda Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň döredilişi hakynda aýratyn bir eser bar. Onda merhum taryhçy alym, professor Kakajan Muhammetberdiýew Türkmen döwletiniň gurluşy hakynda jikme-jik gürrüň berýär.

Professor K.Muhammetberdiýewiň anyk faktlara salgylanyp aýtmagyna görä, Gaýgysyz Atabaýew XX asyryň 20-nji ýyllarynda SSSR-iň düzüminde Türkmenistanyň özbaşdak Respublika hökmünde ykrar edilmegi üçin zerur şertleri gysga wagtda berjaý etmegi başarýar. Munuň üçin ol ilki Buhara emirliginiň we Hywa hanlygynyň golastyndaky türkmen topraklaryny gaýtadan Türkmenistana birikdirip, ol ýerdäki ilatyň öz milli kimligini erkin beýan etmegine ýol açýar hem-de ýurduň ilat sanynyň 1 milliondan geçmegini gazanýar!

Şol wagt bütin Türküstanyň, ýagny Türküstan ASSR-niň Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy wezipesini eýeleýän Gaýgysyz Atabaýew munuň üçin käbir garaşylmadyk ädimleri ädýär. Ol Çärjewiň Türkmenistanyň paýtagty bolmalydygyny öňe sürýär we muny degerli deliller bilen esaslandyrýar. Soňra Daşhowuz topragynyň Türkmenistana degişli bolmalydygyny subut edýär. Külli Türküstanyň Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy bolmagy oňa Türküstanda-da, Moskwada-da öz sözüni geçirmäge mümkinçilik berýär.

”Ýiten ýurt” kitabyndaky ”Türkmene ýaran ogul” atly eserdäki maglumatlara görä, Gaýgysyz Atabaýew şol möhüm taryhy döwürde Türkmenistan Respublikasyny döretmek üçin şeýle taktiki ädimleriň ençemesini ulanypdyr.

Gepiň gysgasy, ol Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň jar edilmegi üçin zerur bolan şertleriň hemmesiniň gysga wagtda bitirilmegini gazanypdyr. Şeýdibem türkmeniň parasatly ogly beýik syýasatçy Gaýgysyz Atabaý külli türkmeniň başyny birikdirip, 1924-nji ýylda Türkmenistan döwletini döredýär we tä ömrüniň ahyryna çenli oňa baştutanlyk edýär. Ol 1938-nji ýylda milletçilikde aýyplanyp, stalinçilik terroryň gurbany edilýär.

1991-nji ýylda, SSSR dargansoň, Türkmenistan öz döwlet garaşsyzlygyna eýe boldy.

Ak Welsapar, ýazyjy, Şwesiýa Ýazyjylar guramasynyň agzasy

(Makalada öňe sürlen pikirler awtoryň özüne degişli)

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG