Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmenistan: Sekiz “wyždan ýesiri” azat edildi


Türkmenistanda dini ynançlaryny berjaý edendigi üçin diýilýän aýyplamalar esasynda tussag edilendigi aýdylýan dokuz “wyždan ýesiriniň” tussaglykdan sekiz sanysynyň azatlyga goýberilendigi barada “forum18.org” websahypasy habar berýär.

Maglumatda ýakynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden amnistiýasy esasynda azatlyga goýberilen tussaglaryň ýurduň gündogaryndaky agyr zähmet koloniýasynda saklanylandygy aýdylýar.

Bu habary garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklatmak başartmady.

Türkmenistanda ýurt garaşsyzlygynyň 23 ýyllyk baýramyna gabatlanyp, günä geçiş yglan edilipdi. Emma onda näçe adamyň günäsiniň geçiljegi, nähili jenaýat eden adamlaryň galan türme möhletinden boşadyljagy barada habar berilmändi.

XS
SM
MD
LG