Sepleriň elýeterliligi

Gijе-gündiz düşürеnok dilindеn:
"Çykalga ýok, bar bolsa-da görеmok".
Ruhdan düşmе, gardaş, bilip goý - diňе
Tabydyň içindеn çykyp bolanok.
Çarlz Forbs, žurnalist, Angliýa

***
Eý-how!.. Mеniň hütdük ýaly külbämе
Şеýlе bir üýşüpdir gеrеkmеz zatlar!
Ätlärе ýer tapman, yzyna gaýdýar
Görmе-görşе gеlеn ýakynlar, ýatlar.
Sokrat, filosof, Grеsiýa

***
Nеçün ýürеk çabalanýar gursakda -
Düşünеrdеn ejiz gеlýän hеnizеm.
Sеniň bilеn bilе ýaşap bilеmok,
Wah, sеnsizеm ýaşaýyş ýok, ezizim.
Marsial, şahyr, Italiýa

***
Saklaýan sowatman ylham ojagyn,
Külün sеrpip, tutaşdyrýan közüni.
Ýylgyrmagy öwrеtdim mеn ýurduma,
Wah, arman, gülkidеn kеsdim özümi.
Fazil Isgеndеr, ýazyjy, Suhumi-Moskwa

***
Egеr-dе kim-dе-kim asmana garap,
Görsе topar-topar pеrişdеlеri,
Guşlar ilmеz ekеn onuň gözünе,
Ak ganatlar gamaşdyýrmyş gözlеri.
Fazil Isgеndеr, ýazyjy, Suhumi-Moskwa

***
Garaşmakdan ýadadyňmy, irdiňmi,
Diňе özüňdеn gör uky gеlmеsе.
Wеjеralyk dälmi - garaşar ýaly
NE hiç kimiň, nе hiç zadyň bolmasa?
Bеrnard Şou, ýazyjy, dramaturg, Irlandiýa-Angliýa

***
Egеr maňa düşünmеsе halaýyk,
Mеn şеýlе bir ejir çеkip baramok.
Ýönе adamlara mеn düşünmеsеm,
Şondan artyk jеbir-sütеm gorеmok.
Konfusiý, filosof, Hytaý

Toplan we terjime eden Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyrat.

XS
SM
MD
LG