Sepleriň elýeterliligi

Bangladeş: Yslamçy lider ölüm jezasyna höküm edildi


Bangladeşiň uruş jenaýatlary boýunça sudy Günorta Aziýa ýurdunyň iň uly yslamçy partiýasynyň liderini ölüm jezasyna höküm etdi.

Sud Motiur Rahman Nizamini (Motiur Rahman Nizami) 1971-nji ýylda ýurduň garaşsyzlygy ugrunda Pakistana garşy alnyp barlan uruşda adamzada garşy uruş jenaýatlaryny amala aşyrmaga gatnaşmakda günäli tapdy. Bu baradaky karar 29-njy oktýabrda Bangladeşiň paýtagty Dakkada üç kazynyň başlygy tarapyndan çykaryldy.

Öňki kanun çykaryjy we Bangladeşiň “Jamaat-e-Islami” partiýasyna ýolbaşçylyk edýän Nizami 16 aýyplama bilen, şol sanda genosidde, adam öldürmekde we gynamakda, jynsy zorlukda we emlägi ýumurmakda sud edildi.

Aýyplaýan tarapyň aklawçysy Mohammad Ali 71 ýaşyndaky Nizama garşy ýöňkelen 16 aýyplamadan sekiz sanysynyň subut edilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG