Sepleriň elýeterliligi

Zambiýanyň lideri aradan çykdy


Zambiýanyň prezidenti Maýkl Sata (Michael Sata) 77 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada Zambiýanyň hökümeti 29-njy oktýabrda yglan etdi.

2011-nji ýylda Zambiýada geçirilen prezidentlik saýlawlaryna taýýarlyk kampaniýalary döwründe korrupsiýa garşy göreş alyp barjakdygyny belläp geçen Sata saýlawlarda garaşylmadyk ýeňiş gazanypdy.

Sata öz ýurdunda syýasat bilen işjeň gyzyklanmaga başlamazdan öň, bir wagtlar polisiýada we Londonyň demirýol stansiýasynda işleýärdi.

Ýurtda korrupsiýa garşy göreş alyp barjakdygy we metbugaty hökümetden çetleşdirjekdigi barada beren wadalaryna garamazdan, Sata özüniň syýasatyny tankyt eden oppozision syýasatçylary we žurnalistleri nyşana alypdy.

Sata 28-nji oktýabrda Londonyň “Şa Edward VII-nji” atly keselhanasynda aradan çykdy.

XS
SM
MD
LG