Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stalin terrorynyň pidalary ýatlandy


Russiýada aktiwistler Iosef Staliniň “Uly terrory” diýlip atlandyrylýan döwründe ölüm jezasyna höküm edilen müňlerçe adamyň we zenanyň hormatyna Milli Howpsuzlyk komitetiniň (KGB) binasynyň öňünde ýygnandylar.

Moskwanyň Lubýansk meýdançasyndaky “Solowetskiý daşy” atly ýadygärliginde geçirilen çärede çykyş edenler 1937-1938-nji ýyllarda Sowet ýolbaşçylary tarapyndan öldürilen 30 müň çemesi adamyň adyny, ýaşyny, eýelän wezipesini we ölüm jezasyna höküm edilen wagtyny güýçli ses bilen okadylar.

Her ýyl bellenilip geçilýän bu çäre Russiýanyň iň gadymy we iň tanymal adam hukuklaryny goraýan guramasy “Memorial” tarapyndan guramalaşdyryldy. Häzirki wagt bu gurama hökümetiň basyşy astyndadyr.

10-njy oktýabrda Russiýanyň Adalat ministrligi “Memorial” guramasynyň ýapylmagy üçin Ýokary suda şikaýat bilen ýüz tutupdy.

XS
SM
MD
LG