Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanda 10 müň tussag boşadylar


Täjigistanyň parlamenti müňlerçe tussagy azatlyga goýberjek amnistiýa baradaky kanun taslamasyny tassyklady.

Täjik prezidenti Emomali Rahmon 1994-nji ýylyň 6-njy noýabrynda kabul edilen Täjigistanyň konstitusiýasynyň 20 ýyllygy mynasybetli günä geçiş yglan etmegi teklip edipdi.

29-njy oktýabrda Täjigistanyň parlamenti amnistiýa baradaky kanuny kabul etdi.

Täjigistanyň kanun çykaryjylaryna kanun taslamasyny tanyşdyran ýurduň baş prokurory Şerhon Salimzoda, deslapky tussaghanalarda saklanýan şübhelilerden we höküm edilen tussaglardan takmynan 10 müň sanysynyň azatlyga goýberiljekdigini aýtdy.

Gürrüňi gidýän amnistiýa laýyklykda ýurda dönüklikde, içalyçylykda, terrorizmde, jynsy zorlukda we adam öldürmekde höküm edilen tussaglaryň günäsi geçilmez.

XS
SM
MD
LG