Sepleriň elýeterliligi

Ukraina, ABŞ Moskwany ýazgardy


Ukraina ýurduň gündogaryndaky orsparaz separatistler tarapyndan guramalaşdyrylýan saýlawlara Russiýanyň berýän goldawyny “weýran edýän we öjükdirýän” diýip ýazgardy. Şol bir wagtyň özünde Birleşen Ştatlar gündogar Ukrainadaky separatistler tarapyndan geçiriljek saýlawlaryň bikanun boljakdygyny mälim etdi.

26-njy oktýabrda Ukrainada geçirilen milli saýlawlara garamazdan, ýurduň gündogaryndaky separatistler 2-nji noýabrda saýlawlary geçirmegi planlaşdyrýarlar.

28-nji oktýabrda Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko separatistler tarapyndan planlaşdyrylýan ses berişigiň sentýabr aýynda Minskde gelnen halkara ylalaşygynyň “meýline we mazmunyna gödek gapma-garşy” gelýändigini aýdyp, ony “galp-saýlawlar” diýip atlandyrdy.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwa Ukrainanyň Luhansk we Donetks regionlaryndaky separatistler tarapyndan geçirilmegi planlaşdyrylýan saýlawlary ykrar etmekçi diýipdi.

XS
SM
MD
LG