Sepleriň elýeterliligi

Türkmen türgenleri 42 medal aldy


Türkmenistanyň sportsmenleri Türkiýede geçirilen göreş boýunça halkara ýaryşlarynda 42 medala mynasyp boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugatynda habar berilýär.

Maglumatda olaryň 22 sanysynyň altyn, bäş sanysynyň kümüş we ýedi sanysynyň bürünç medalydygy bellenilýär.

Geçen aý Koreýa respublikasynda, XVII Aziýa oýunlarynyň Inçhonda geçirilen ýaryşlarynda 52 kg agramda çykyş eden türkmen dzýudoçysy Gülbadam Babamyradowa hem garşydaşlaryny ýeňip, kümüş medala mynasyp bolupdy.

XS
SM
MD
LG