Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kreml 'propaganda' gerimini giňeldýär


«Rossiýa Segodnýa» RIA Novostini, «Orsýetiň sesini», Dmitriý Kiselýowyň ýolbaşçylygynda, bir ýere jemleýär.
«Rossiýa Segodnýa» RIA Novostini, «Orsýetiň sesini», Dmitriý Kiselýowyň ýolbaşçylygynda, bir ýere jemleýär.

«Rossiýa Segodnýa», Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki media läheňi, aýdylmagyna görä, 29 paýtagtda öz ýerli býurolaryny açmaga taýýarlanýar.

Bu, uly rus resmileriniň öz sözleri bilen aýdylanda, Günbatara garşy «informasiýa urşunda» Kremliň dünýä ýüzündäki media gerimini giňelder.

Täze býurolaryň ýerleşjek ýerleri entek resmi taýdan yglan edilmedik hem bolsa, serp mediasynyň habar bermegine görä, olar ýerli dillerde gepleşik berýän radiolaryň we websaýtlaryň işiniň ýola goýulmagyna ýardam berer.

«Rossiýa Segodnýa», jikme-jiklikleriň indiki aýda Moskwada boljak açylyş dabarasynda yglan ediljegini aýdyp, bu habarlary ne tassyk edýär, ne-de inkär edýär.

Ýöne muňa garamazdan, «Rossiýa Segodnýanyň» ýerli býurolarynyň açyljak şäherleriniň arasynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe, Serbiýanyň paýtagty Belgrad hem bar ýaly görünýär.

AÝ/AR-nyň Täjik gullugy awgust aýynda «Rossiýa Segodnýanyň» Duşenbede açyljak býurosyna ýerli žurnalistlerden 25 adamyň işe alynjagyny habar berdi.

«Balkan Insight» we B92 bolsa şu hepde Belgraddaky býuronyň haýal etmän işe başlajagyny, oňa, aýdylmagyna görä, Moskwanyň Serbiýa habar serişdeleri boýunça ozalky habarçysy Ljubinka Milinciciň ýolbaşçylyk etjegini habar berdi.

Bu habarlar rus prezidenti Wladimir Putiniň golaýda Serbiýanyň paýtagtyna eden saparynyň yzysüre ýaýrady. Şonda Belgradda ullakan harby parad guralyp, Moskwanyň bu Balkan ýurdy bilen ýygjam gatnaşyklary giňden tassyk edilipdi.

'Informasiýa urşy'

«Rossiýa Segodnýa» geçen dekabrda Kremliň karary bilen döredilipdi. Bu media guramasy döwlet habar gulluklary bolan RIA Novostini, «Orsýetiň sesi» atly döwlet radio stansiýasyny, kremlçi teležurnalist Dmitriý Kiselýowyň ýolbaşçylygynda, bir ýere jemleýär.

«Rossiýa Segodnýa» ýa-da “Russia Today” Kreml tarapyndan boldan maliýeleşdirilýän we iňlis, arap we ispan dillerinde gepleşik berýän RT-den başga gurama.

“The Guardian” 28-nji oktýabrda RT-niň Britaniýada efire beriljek ýörite gepleşikleri taýýarlaýan telewizion stansiýany işe girizýändigini habar berdi.

Orsýet özüniň daşary ýurt metbugat operasiýalaryna harçlaýan serişdelerini, RT üçin 2015-nji ýylda 362.2 million dollara ýetirip, geçen ýyldakysyndan 30 prosente golaý köpeltdi. «Rossiýa Segodnýanyň» indiki ýyl üçin býujeti tas üç esse köpeldilip, 152.6 million dollara ýetirildi.

Günbatar resmileri RT-ni we Orsýetiň döwlet kontrollugynda işleýän beýleki habar serişdelerini Kremliň Ukrain krizisi baradaky gürrüňlerini tasa getirmäge gönükdirilen propaganda guraly atlandyrýarlar.

Rus resmileri bolsa, öz gezeklerinde, Günbatar mediasyny Orsýete we onuň bähbitlerine garşy «informasiýa urşuny» alyp barmakda aýyplaýarlar.

Oppozision pikirli «Nowaýa gazetanyň» syýasy synçysy Andrei Kolesnikow, «Rossiýa Segodnýanyň» giňelmeginiň RT-niň propaganda üçin ulanylmagynyň üstüni ýetirjekdigini, bularyň ikisiniň hem Orsýetiň daşary ýurtdaky abraýynyň artmagyna hyzmat etdiriljekdigini aýdýar.

Şeýle-de Kolesnikow «Rossiýa Segodnýanyň» Orsýetiň daşary ýurtlardaky içalyçylyk işleriniň üstüni örtmekde ulanylmagynyň ähtimaldygyny ýaňzytdy.

Ol bu pikirine delil edip, golaýda «Rossiýa Segodnýanyň» Polşadaky habarçysy Leonid Swiridowyň düşen ýagdaýyny ýatlatdy. Swridow 25-nji oktýabrda polýak howpsuzlyk gulluklarynyň talaby esasynda öz ygtyýarlyklardan mahrum edilipdi.

XS
SM
MD
LG