Sepleriň elýeterliligi

Dinçileriň türmeden çykmagy üstünlikmi?


Türme diňi, Merkezi Aziýa

Türme diňi, Merkezi Aziýa

Türkmenistanda dini ynançlary sebäpli tussag edilendigi köpçülige mälim bolan dokuz wyždan ýesiriniň sekizisi tussaglykdan boşadyldy. Dini täzelikler boýunça “Forum-18” agentliginiň maglumatyna görä, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23-nji ýyl dönümi mynasybetli prezidetiň yglan eden günä geçişliginiň çäginde, 22-nji oktýabrda ýurduň gündogaryndaky zähmet lagerinden boşadylan tussaglaryň altysy dini ynançlary sebäpli harby gullukdan boýun gaçyranlar we ikisi-de dini hereketleri üçin galp aýyplamalar esasynda iş kesilen “Iýegowa şaýatlarydyr”.

Halkara guramalary Türkmenistanyň türmelerinde syýasy we dini sebäplerden saklanýan tussaglary wyždan ýesirleri diýip atlandyrýarlar we türkmen hökümetiniň raýat azatlyklaryna basyş etmegini tankyt edýärler. Bu tema ýakynda günbatar döwletleriniň resmileri tarapyndan hem gozgaldy we halkara duşuşyklarda bu ugurdan maslahat edildi.

Türkmenistanda raýat azatlyklary sebäpli tussaglyga höküm edilenleriň boşadylmagyna adam hukuklaryny goraýjylar nähili garaýarlar?

Azatlyk Radiosy Moskwada ýerleşýän “Memorial” guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça programmasynyň müdiri Witaliý Ponomarýow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Witaliý, siz Türkmenistanda adam hukuklary ugrunda köpden bäri iş alyp barýarsyňyz. Ýurtda yglan edilen ýakynky günä geçişde dini ynançlary sebäpli tussag edilmegi bilen tanalýan dokuz wyždan ýesirinden sekizisiniň boşadylmagyny siz nähili kabul etdiňiz?

Witaliý Ponormarýow: Meniň pikirimçe, bu Türkmenistanyň adyna halkara guramalary we adam hukuklaryny goraýan guramlar tarapyndan edilýän tankytlaryň güýçlenmegi bilen bagly. Soňky iki ýylyň dowamynda halkara guramalar Türkmenistanda syýasy sebäpler bilen baglylykda we dini sebäpler bilen baglylykda tussag edilenleriň işlerine gaýtadan garalmagyny talap edip, dürli halkara maslahatlarda yzygiderli çykyş etdiler. Maňa mälim bolşuna görä, syýasy we dini tussaglaryň meselesi Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowamynda-da, şol sanda ABŞ-nyň hökümetiniň alyp baran dialogynyň dowamynda-da orta atyldy.

Azatlyk Radiosy: Halkara guramalary tarapyndan wyždan ýesirleri diýlip atlandyrylýan türkmen dinçileriniň boşadylmagy, siziň pikiriňizçe, türkmen hökümetiniň öz adyna edilýän tankytlara üns berýändigini aňladýarmy?

Witaliý Ponormarýow: Uly bolmadyk eglişikler Türkmenistan tarapyndan mydama edilýär, öňem ediliýärdi. Meniň pikirimçe, Türkmenistan tussaglary boşatmak bilen dogry ugurdan ädim ätdi, emma bu ýeterlik däl. Çynlakaý öňegidişlik barada aýtmak üçin Türkmenistanda prezident Nyýazow döwründen bäri türmede saklanýan syýasy tussaglaryň uly toparyna girýän adamlar boşadylyp başlanmaly, diňe şondan soň öňegidişlik barada aýdyp bolar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG