Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýa uruş gämisini Russiýa gowşurmaýar


Fransiýanyň maliýe ministri Mişel Sapin (Michel Sapin) öz ýurdunyň Russiýa tarapyndan buýrulan iki uruş gämisiniň birini Moskwa gowşurmaga taýýar däldigini aýtdy. Ol bu çäräniň Russiýanyň gämini eýeçiligine geçirmek baradaky şertleri ýerine ýetirmändigi sebäpli amala aşyrylmaýandygyny belledi.

30-njy oktýabrda Sapin “RTL” radiosyna beren maglumatynda “Mistral kysymly gämini gowşurmak üçin şertler ýerine ýetirilmedi” diýdi.

“Mistral” dikuçarlaryň gonmagy üçin niýetlenen meýdançaly uruş gämisi bolup, Russiýa ony Fransiýadan satyn almak barada 2010-njy ýylda ylalaşypdy.

Sapin öz maglumatynda esasy şertleriň biriniň gündogar Ukrainadaky konfliktiň gowulaşýandygyny mese-mälim görmekden ybaratdygyny belläp, “bir tarapdan ol ýerde şertler gowulaşýar, ýöne aladalanmalar heniz hem dowam edýär” diýdi.

XS
SM
MD
LG