Sepleriň elýeterliligi

Gazak resmisi tussaglykda saklanar


Gazagystanyň Gümrük gullugynyň başlygy guramaçylykly jenaýatlar we korrupsiýa aýyplamalary bilen aýyplanyp, onuň deslapky tussaghanada saklanylmalydygy barada karar çykaryldy.

Gazagystanyň Harby sudunyň resmileriniň 30-njy oktýabrda beren maglumatyna görä, Astananyň Akmola harby sudy Nurlan Žolamanowy “guramaçylykly jenaýat toparyny döretmekde we para almakda” aýyplapdyr.

Sud 27-nji oktýabrda tussag edilen Žolamanowyň 27-nji dekabra çenli deslapky tussaghanada saklanylmalydygy barada karar çykardy.

Bu barada köpçülige jikme-jik maglumat berilmedi.

Soňky iki ýylyň dowamynda para-peşgeş aýyplamalary bilen şübhelenilip, birnäçe gazak resmisi sud derňewleri bilen ýüzbe-ýüz boldy. Olaryň käbirleri uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edildi.

XS
SM
MD
LG