Sepleriň elýeterliligi

NATO: Rus uruş uçarlary Ýewropanyň töwereginde uçýar


NATO-nyň berýän maglumatyna görä, gurama Russiýanyň dört sany uruş uçarynyň Ýewropa Bileleşiginiň serhetleriniň golaýyndaky halkara howa giňişliginde “ähmiýetli harby uçuşlary amala aşyrýandygyny” yzarlap, hasaba alypdyr.

NATO-nyň Monsdaky “SHAPE” harby ştaby Belgiýada beren maglumatynda: “Ähmiýetli bu rus uçuşlary Ýewropanyň howa giňişliginde adatdan daşary howa hereketleriniň amala aşyrylýandygyny aňladýar” diýdi. Guramanyň beren maglumatyna görä, howa uçuşlaryny amala aşyrýan uçarlaryň arasynda strategik bombalaýjy, söweşiji samolýotlar we uçarlara ýangyç guýujylar bar eken.

Gürrüňi gidýän bu rus harby uçarlary 28-29-njy oktýabrda Baltik deňzinde, Demirgazyk deňzinde, Atlantik ummanynda we Gara deňizde hasaba alnypdyr.

Russiýanyň bombalaýjy uçarlary halkara howa giňişliginiň günortasyndan Portugaliýanyň we Ispaniýanyň günbataryna çenli uçdy. Norwegiýanyň, Britaniýanyň, Portugaliýanyň, Germaniýanyň, Daniýanyň we Türkiýäniň uruş uçarlary rus uçarlaryny kesgitlemäge synanyşdylar.

Russiýa Ukraina goşulyşany bäri NATO bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar Sowuk uruş döwründen bäri ilkinji gezek ýiti derejede dartgynlylaşdy.

XS
SM
MD
LG