Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýet gaz üçin garantiýa talap edýär


Orsýetiň energiýa ministri Aleksandr Nowak, Brussel, 29-njy oktýabr, 2014.

Orsýetiň energiýa ministri Aleksandr Nowak, Brussel, 29-njy oktýabr, 2014.

Orsýet Ukraina bilen aradaky gaz dawasynyň, tä pula mätäç Kiýewiň Moskwadan gyşda satyn aljak gazynyň bahasyny öňünden tölejekdigine Ýewropa Bileleşigi kepil geçýänçä, çözüp bolmajakdygyny tekrarlaýar.

29-njy oktýabrda Brýusselde başlanan we gijä çenli uzaga çeken üç taraplaýyn gepleşikleriň yz ýany Orsýetiň energiýa ministri Aleksandr Nowak Orsýetden Ukraina noýabr we dekabr aýlarynda akdyryljak gazyň bahasy we möçberi, şeýle-de Kiýewiň Moskwa milliardlarça dollara barabar ozalky bergisini azaltmak üçin “esasy şertler” boýunça taraplaryň özara ylalaşyga gelendigini aýtdy.

Ylalaşylan şertler

Emma Nowak, Ukraina gaz akdyrmagyny iýul aýynda bes eden Orsýetiň, Kiýew indi aljak gazy üçin öňünden töleýänçä, Ukrainanyň gaz üpjünçiliginiň dikeldilmejegini aýtdy.

“Pul bolmasa, gaz hem bolmaz” diýip, Nowak nygtady.

Nowak taraplaryň öz gepleşiklerini 30-njy oktýabrda agşam ýene dowam etdirmek barada ylalaşandygyny habar berdi.

Şol bir wagtyň özünde-de ”Gazpromuň” ýolbaşçysy Alekseý Miller gepleşikleriň diňe ÝB-niň we Ukrainanyň töleglere kepil geçýän protokola gol çeken halatynda geçiriljekdigini aýtdy.

Meseläniň syýasy tarapy

Moskwanyň we Kiýewiň arasynda gazyň üstündäki soňky dawa geosyýasy öwrülişik bilen bagly boldy. Ukrainanyň öňki prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň ÝB bilen syýasy we ykdysady ylalaşyklara gol çekmekden boýun gaçyryp, Orsýete tarap öwrülmegi onuň wezipesinden çekilmegine sebäp bolupdy.

Ukrainadaky syýasy protestleriň netijesinde şu ýylyň fewral aýynda Ýanukowiçiň wezipesinden çetleşdirilmegini Orsýet döwlet agdarylyşygy diýip atlandyrdy. Ukrainanyň Günbataryň tarapdary bolan hökümeti Orsýetiň mart aýynda Krym ýarymadasyny Ukrainadan bölüp, öz düzümine goşmagyny we gündogar Ukrainada orsýetçi separatistlere goldaw bermegini tankyt etdi.

Geçen ýylda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Ýanukowiçiň Günbatardan ýüz öwürmegini gazanmak üçin oňa Ukraina satýan gazynyň bahasyny peseltmegi wada beripdi, emma Ýanukowiç wezipesinden çekilensoň, Orsýet Kiýew üçin gazyň nyrhyny hasam ýokarlandyrdy.

Orsýet Ukrainanyň özüne 5.1 milliard dollar möçberinde bergisiniň bardygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG