Sepleriň elýeterliligi

Bugaýew: Medisinanyň gymmatlygy problema


Saglyk merkezi, Türkmenistan

Saglyk merkezi, Türkmenistan

Saglygy saklaýyş infrastrukturasyny ösdürmek Türkmenistanyň sosial syýasatynyň ugrudyr, diýip resmi maglumatlarda nygtalýar. Türkmen mediasynyň habar berişine görä, şu ýylyň dowamynda “Daşoguz” atly sanatoriý işe berlipdir, Aşgabatda we ýurduň ähli welaýatlarynda tiz kömek merkezleri, derman öndürýän kärhanalar, bilim-terbiýe beriji toplumlar we olaryň ýanlarynda 420 adamlyk dikeldiş merkezleri gurlupdyr. Üstesine kardiologiýa ýürek-damar keselleri boýunça gospital we onuň ýanynda ylmy-kliniki merkezi ulanylyşa tabşyrylypdyr. Agzalan obýektleriň ählisiniň iň ösen enjamlar bilen abzallaşdyrylyp, dünýä derejesiniň kadalaryna doly laýyk gelýändigi aýdylýar.

Azatlyk Radiosy, hususan-da, paýtagtdaky agzalan medisina edaralarynda hyzmatlaryň hili we elýeterliligi barada gürrüň bermegi Aşgabadyň ýaşaýjysy ýazyjy Amanmyrat Bugaýewden sorady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG