Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Russiýa, Ukraina tebigy gaz ylalaşygyna gol goýdy


Moskwa bilen Kiýew öňümizdäki gyşda Russiýanyň gazynyň Ukraina akdyrylmagyna kepil geçýän ähmiýetli ylalaşyga gol goýdular.

Ýewropa Bileleşiginiň araçylyk etmeginde gelnen ylalaşyga Russiýanyň, Ukrainanyň energetika ministrleri we Ýewropa Bileleşiginiň energiýa boýunça komissary Günter Ottinger (Guenther Oettinger) tarapyndan gol goýuldy. Bu ylalaşyk 2015-nji ýylyň mart aýyna çenli möhleti öz içine alýar.

Ottinger bu ylalaşyga laýyklykda, Kiýewe akdyrylýan gazyň täzelenmegi üçin Ukraina Russiýa 1,45 milliard amerikan dollary möçberindäki tebigy gaz karzyny “birnäçe günüň dowamynda” berer diýdi.

Onuň sözlerine görä, mundan soň Russiýa Ukraina satýan tebigy gazynyň nyrhyny “dessine” kemelder, ýagny Moskwa 1 müň kubometr gaz üçin takmynan 385 amerikan dollary talap eder.

XS
SM
MD
LG