Sepleriň elýeterliligi

Peşmerga söweşijileri Türkiýä dolandy


Yragyň kürt peşmerga söweşijileriniň saýlama topary Kobanini goraýanlary güýçlendirmek maksady bilen galan toparyny söweşe taýýarlamak üçin 30-njy oktýabrda Türkiýä dolandy. Olar “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine garşy göreşmek üçin Türkiýäniň üsti bilen Siriýanyň serhetýaka şäheri Kobana barypdylar.

Kobani şäherindäki resmi Ismet Şeýh Hassanyň Azatlyk Radiosynyň Yrak gullugyna beren maglumatyna görä, Kobanini goraýjylar peşmerganyň saýlama topary bilen duşuşypdyr. Ol öz maglumatynda galan 150 çemesi yrakly kürt söweşijiniň öz harby esbaplary bilen birlikde 31-nji oktýabrda Kobani şäherine girjekdigini belledi.

Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň amala aşyran howa zarbalary netijesinde “Yslam döwleti” atly toparyň Kobani şäherinde has köp territoriýany eýelemegi togtadyldy. Emma bu toparyň söweşijileri heniz hem şäheriň üç tarapynda hereket etmäge dowam edýär.

XS
SM
MD
LG