Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB sudy öňki gürjü resmisini aklady


Ýewropa Bileleşiginiň Adam hukuklary boýunça sudy gürjü hökümetiniň korrupsiýa meselesi dogrusynda tussag edilen döwlet audit gullugynyň öňki başlygyna 20 müň ýewro, ýagny 25 müň amerikan dollary möçberinde pul serişdesini tölemelidigi barada karar çykardy.

Strasburgdaky sud Gürjüstanyň Kontrol palatasynyň öňki başlygy Sulham Molaşwiliniň sud işi baradaky karary 30-njy oktýabrda yglan etdi.

Sud Ýewropa konwensiýasynyň dört maddasy esasynda Molaşwiliniň aklanandygyny mälim etdi we onuň sud işiniň talabalaýyk berk derňelmegi üçin Tbilisä tabşyryk berdi.

Molaşwili Gürjüstanda geçirilen “Bägül rewolýusiýasyndan” soň, döwletiň gaznasyny bikanun öz hasabyna geçirmekde şübhelenilip, 2004-nji ýylda tussag edilipdi.

XS
SM
MD
LG