Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkek: ABŞ-nyň ilçisi duýduryş berdi


Birleşen Ştatlaryň Gyrgyzystandaky ilçisi Merkezi Aziýa ýurdunyň “Russiýa bilen hyzmatdaşlygyny artdyrmagy” Birleşen Ştatlaryň Gyrgyzystanda demokratiýanyň ornaşmagyna goldaw bermek baradaky tagallalaryna problema döredýär diýdi.

“Amerikan ilçihanasynyň geňeşi” atly websahypada çap edilen makalada Pamela Spratlen gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýewiň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen ýasama “güýçli hyzmatdaşlygy biziň tagallalarymyza täsir ýetirdi” diýýär.

Şeýle-de, Spratlen Gyrgyzystandaky ilatyň aglabasynyň täzelikleri Russiýanyň metbugat serişdelerinden okaýandygyny belleýär.

Ýakyn wagtda amala aşyran ençeme çäreleri, şol sanda gomoseksuallara garşy diskriminasiýany kanunlaşdyrýan we düýbi daşary ýurtlarda ýerleşýän guramany “daşary ýurt içalylary” diýlip hasaba alynmagyny talap edýän kanun taslamalaryny kabul edeni sebäpli Gyrgyzystan Moskwanyň yzyny yzarlaýan ýaly bolup görünýär.

XS
SM
MD
LG