Sepleriň elýeterliligi

Owgan prezidenti “Talybana” çagyryş etdi


Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani “Talybana” ýaraşyk gepleşiklerine goşulmaga çagyryş etdi. Bu çagyryş Hytaýyň premýer-ministri tarapyndan hem bellenilip geçildi.

31-nji oktýabrda Gani Owganystan boýunça Hytaýda geçirilýän konferensiýada çykyş etdi. Çykyşynyň dowamynda täze owgan prezidenti gepleşiklere goşulmagy üçin Owganystanyň syýasy oppozisiýasyna, “hususanda Talybana” çagyryş etdi.

Hytaýyň premýer-ministri Li Kekiýang (Li Keqiang) hem Owganystandaky dürli syýasy toparlaryň ählisine “öňki duşmançylygy bir çetde goýmaga we syýasy ýaraşyk prosesine goşulmaga” çagyryş etdi.

Şeýle-de, Li dürli hünär boýunça iş bilen üpjün bolmagy üçin owgan halkyna tälim bermäge ýardam bermek maksady bilen 244 million amerikan dollary möçberinde pul kömegini etjekdigine we 500 çemesi owgan studentiniň Hytaýda ýokary bilim almagy üçin şert döretjekdigine wada berdi.

XS
SM
MD
LG