Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet we Ukraina gaz barada ylalaşdylar


Gaz ylalaşygy baglaşyldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:56 0:00

Gaz ylalaşygy baglaşyldy, Brussel, 30-njy oktýabr, 2014

Moskwa we Kiýew, Ukrainanyň gündogaryndaky söweşler bilen bagly dowam edýän dartgynlyga garamazdan, Orsýetiň Ukraina gyşyň dowamynda gaz akdyrmagyny kepillendirýän möhüm ylalaşyga gol çekdi.

Ýewropa Bileleşiginiň araçylygynda gelnen we 2015-nji ýylyň mart aýyna çenli dowam etjek bu ylalaşyga Brusselde, dabaraly ýagdaýda, iki ýurduň energiýa ministrleri Aleksandr Nowak we Ýuriý Prodan hem-de Ýewropa Komissiýasynyň energiýa boýunça ýolbaşçysy Guenter Oettinger dagy gol çekdi.

Aleksandr Nowak ylalaşyga gelmek prosesiniň aňsat bolmandygyny belledi.

Ýewropa Komissiýasynyň gol çekişlik dabarasyna gatnaşan prezidenti Jose Manuel Barroso ylalaşygy gutlap, “Ýewropada adamlaryň gyşda sowukda galmagyna hiç hili esas ýok” diýip belledi.

Ylalaşygyň şertleri

Kynlyk bilen gazanylan ylalaşyga Ýewropa Bileleşiginiň araçylygynda, Moskwa bilen Kiýewiň arasynda tölegleriň üstünde birnäçe aýlap dowam eden çekeleşikli gepleşikleriň netijesinde gelindi.

Ylalaşyga gol çekmekden ozalky iki günlük gepleşiklerde Orsýet Ýewropa Bileleşiginden Ukrainanyň ummasyz bergisini üzlüşmegi we mart aýyna çenli akdyryljak gaz üçin tölegleri barada Kiýew bilen ylalaşmagy talap etdi.

Oettinger Ukrainanyň Orsýete birnäçe günüň içinde 1.45 milliard dollar möçberde puluň tölejekdigini aýtdy.

Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk Ukrainanyň rus gazynyň her müň kubometri üçin 2014-nji ýylyň aýagyna çenli 378 dollar we 2015-nji ýylyň birinji çärýeginde 365 dollar tölejekdigini aýtdy. Yzýany bu sanlar Moskwa tarapyndan hem tassyklandy.

ÝB-niň roly

Ylalaşykda Ýewropa Bileleşiginiň Ukrainanyň Orsýetiň Gazprom kompaniýasynyň öňündäki bergisini üzlüşmegine ýardam bermegi hem göz öňünde tutulýar.

Oettinger “biz gyşyň dowamynda gazyň akdyryljagyny” diňe bir Ukraina däl-de, ÝB-niň regiona ýakyn ýerleşýän ýurtlaryna hem kepil geçýäris diýdi.

Orsýet Ukraina gaz akdyrmagyny iýun aýynyň ortalarynda bes edipdi we Kiýewiň Moskwa 5.3 milliard dollarlyk bergisiniň bardygyny aýdyp, indi akdyryljak gaz üçin öňünden töleg edilmegini talap edipdi.

Gaz dawasy Orsýetiň mart aýynda Krym ýarymadasyny Ukrainadan bölüp, öz giňişligine goşmagynyň yzýany we Ukrainanyň gündogarynda orsýetçi separatistlere harby we syýasy goldawy üçin Günbatar döwletleriniň sanksiýalaryna sezewar bolmagy bilen bagly dörän konfliktiň dowamynda ýüze çykdy.

XS
SM
MD
LG