Sepleriň elýeterliligi

Ukrain konfliktinde 4 müň adam öldürildi


BMG gündogar Ukrainada hökümet güýçleri bilen orsýetçi separatistleriň arasynda bolýan çaknyşyklarda 4 müňden gowrak aadm öldürildi diýýär.

BMG 31-nji oktýabrda çap eden hasabatynda ol ýerde alty aýdan gowrak wagt bäri dowam edýän söweşlerde 4035 adamyň ölüminiň dokumentleşdirilendigini aýtdy.

Şeýle-de hasabatda, sentýabryň başynda baglaşylan ýaraşyga garamazdan, soňky 10 günde 300 çemesi adamyň öldürilendigi aýdylýar.

Soweşler netijesinde Donetsk we Luhansk sebitlerinde ýaşaýan ýerinden bosan adamlaryň sany 930 müňden aşypdyr.

XS
SM
MD
LG