Sepleriň elýeterliligi

Öňki dissidente pasport berilmeýär


Ozalky sowet dissidenti Wladimir Bukowskiý konsullyk resmileriniň özüne täze rus pasportyny bermekden ýüz öwrendiklerini aýdýar.

Ol munuň sebäbini özüniň Kremli tankyt etmegi bilen baglanyşdyrýar. 71 ýaşyndaky Bukowskiý özüniň Londondaky rus konsullygyna mart aýynda ýüz tutandygyny, emma resmileriň öz pasportyny täzeläp bermändiklerini aýtdy.

“Ol ýerde ýagdaý üýtgeýär, sowet döwri dolanyp gelýär” diýip, Angliýanyň Kembrij şäherinde ýaşaýan Bukowskiý 31-nji okýatbrda aýtdy.

Bukowskiý 1976-njy ýylda Çiliniň kommunist lideri Luis Korwalan bilen çalşylmazyndan öň 12 ýyllap sowet türmelerinde we ruhy hassahanalarynda oturypdy.

XS
SM
MD
LG