Sepleriň elýeterliligi

Günbatar Yrakda 290 jeset tapyldy


Yragyň günbatardaky Anbar welaýatynda bir tire ýaşulusy YD jeňçileriniň 300-e golaý tiredeşini jezalandyrmak usulynda öldürendigini aýtdy.

Al-Bou Nimr tiresiniň ýaşulusy Şeýh Naim al-Gaud 31-nji oktýabrda Hit şäheriniň içindäki we töweregindäki köpçülikleýin mazarlardan 290 jesediň tapylandygyny aýtdy.

Ol jezalandyrmak üçin gözlenilýän adamlaryň ýene 500 sanysynyň YD jeňçileri tarapyndan Al-Bakir mähellesinde gabawa alnandygyny aýtdy.

Sünni Al-Bou Nimr tiresi YD jeňçileri tarapyndan basylyp alnan şäheri azat etmekde hökümet güýçleriniň tarapyna geçdi.

Şu arada Yragyň iň uly şaýy ruhanysy Ali al-Sistani hökümeti YD bilen söweşýän sünni tirelerine gyssagly goldaw bermäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG